Halkara konferensiýany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we Aragatnaşyk Guramasy, şeýle hem Agentlikler: "Turkmendemirýollary", "Turkmenawtoulaglary", "Turkmenhowaýollary", "Turkmendeňizýollary", "Turkmenaragatnaşyk", "Demirýollary" Açyk Paýdarlar jemgyýetleri: "Türkmenistan howa ýollary", "Söwdaçy deňiz floty", "Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" we "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" «Belli» HJ bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar.
Konferensiýanyň we serginiň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara transport pudagyndaky täze hakykatlara uýgunlaşmak, netijeli halkara ulag we tranzit geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem türkmen döwlet guramalarynyň, logistika kompaniýalaryň we ulag-logistika ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Head of the Freight Operations and Foreign Economic Activity Department at the Belarusian Railway Administration
Head of Strategic Projects and Director Finance&Development for HHLA International GmbH
Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, döwrebap senagat, maliýe we söwda düzümlerini emele getirmäge, telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmäge, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady, ylmy we tehniki gatnaşyklary ýola gorýama ýardam bermek maksady bilen döredildi. Ýurtda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam bermek Türkmenistanyň SSE-niň ileri tutýan wezipesidir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy türkmen edaralaryna we hususy telekeçilere daşary ýurt bazarlarynda işlerini amala aşyrmaga ýardam berýär.