15-nji oktýabrda Yslamabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Taraplar Türkmenistan-Pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselesine göz aýladylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.